HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda uçar kerosinine uly isdeg bildirildi

Noýabr 18, 2023 | 07:26 |900
16-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky bazar üçin “TС-1» kysymly uçar kerosinine uly isdeg bildirildi (1 tonnasy üçin ABŞ-nyň 854,25 dollary.16-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky bazar üçin “TС-1» kysymly uçar kerosinine uly isdeg bildirildi (1 tonnasy üçin ABŞ-nyň 854,25 dollary.
Çeşme: exchange.gov.tm

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky bazar üçin “TС-1» kysymly uçar kerosinine uly isdeg bildirildi (1 tonnasy üçin ABŞ-nyň 854,25 dollary.

Içerki bazara el halylary (1 inedördül metri 2665,70 manat) we mahmal matalar (1 metri 180,55 manat) ýerlenildi.

BAE-niň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 281 müň 375 dollaryna deň bolan “TС-1» kysymly uçar kerosinini satyn almak barada şertnama baglaşdylar.

Türkmenistanyň işewürleri ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi bilen jemi bahasy 101288,55 manatlyk mahmal matany hem-de umumy bahasy 4 müň 371,75 manada deň bolan el halylaryny satyn almak barada şertnama baglaşdylar.

Söwdalaryň dowamynda umumy bahasy 105660,30 manada we ABŞ-nyň 1 million 281 müň 375 dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026