Habarlar

Üstaşyr geçelgelere eýe bolan ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylary Aşgabada gelerlerÜstaşyr geçelgelere eýe bolan ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylary Aşgabada gelerler

Üstaşyr geçelgelere eýe bolan ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylary Aşgabada gelerler

Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde şu aýda ilkinji gezek Bütindünýä durnukly ulag gününi bellär. BMG-niň Baş Assambleýasy 2016- njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag boýunça ilkinji ählumumy maslahatyň geçirilen gününi bu halkara günüň bellenýän senesi hökmünde yglan etdi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça bu güni döretmek hakyndaky Karar 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň 70-nji umumy mejlisinde kabul edildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ÝUNESKO-nyň instituty Hyzmatdaşlyk boýunça Ýol kartasyna gol çekdilerTürkmenistanyň Bilim ministrligi we ÝUNESKO-nyň instituty Hyzmatdaşlyk boýunça Ýol kartasyna gol çekdiler

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ÝUNESKO-nyň instituty Hyzmatdaşlyk boýunça Ýol kartasyna gol çekdiler

9-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (UNESCO) Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça institutynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ýol kartasyna gol çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan YHG-niň ýurtlaryna gaz we elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmaga taýýardyrSerdar Berdimuhamedow: Türkmenistan YHG-niň ýurtlaryna gaz we elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmaga taýýardyr

Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan YHG-niň ýurtlaryna gaz we elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmaga taýýardyr

Türkmenistan, ýurduň häzirki we geljekki mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlara berilýän tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmaga taýýardyr diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen YHG-niň Liderleriniň 16-njy sammitinde belledi.