HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Özbegistan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürer

Noýabr 18, 2023 | 12:26 |6691
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler geljekde-de ylym-bilim alyşmalaryny, konsertleri, sergileri we iki halkyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýän beýleki medeni çäreleriň geçirilmegini dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

"Özbegistan Respublikasy Türkmenistanyň ýakyn goňşusydyr we strategik hyzmatdaşydyr. Biz dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen, hemişe asyrlaryň dowamynda emele gelen dost-doganlyk, özara düşünişmek ýörelgelerine daýanýarys" diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Taraplar iki doganlyk döwletiň Baştutanlarynyň arasynda emele gelen ynanyşmagyň hem-de özara düşünişmegiň derejesine ýokary baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin ýakynda Daşkent şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde iki döwletiň Baştutanlarynyň arasynda gepleşikler geçirilip, onda geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary kesgitlenildi.

Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn ösüş depginini görkezýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlyk işjeň giňeldilýär. Iki ýurduň sebitleriniň arasynda gatnaşyklaryň uly kuwwatyny netijeli peýdalanmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň doganlyk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026