HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň ministri bilen gepleşikleri geçirdi

Noýabr 18, 2023 | 10:29 |5864
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de EYR-nyň ýol we şähergurluşyk ministri söwda-ykdysady gatnaşyklaryň döwletara gün tertibinde aýratyn orun eýeleýändigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Eýran Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orny eýeleýär.Türkmenistanyň Prezidenti hem-de EYR-nyň ýol we şähergurluşyk ministri söwda-ykdysady gatnaşyklaryň döwletara gün tertibinde aýratyn orun eýeleýändigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Eýran Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orny eýeleýär.
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşy kabul edip, onuň bilen iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Taraplar Aşgabatda geçirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisiniň hem-de “Iran Prože” atly ýöriteleşdirilen serginiň we işewürlik maslahatynyň ähmiýeti barada durup geçdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de EYR-nyň ýol we şähergurluşyk ministri söwda-ykdysady gatnaşyklaryň döwletara gün tertibinde aýratyn orun eýeleýändigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Eýran Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orny eýeleýär.

Ýangyç-energetika toplumy, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk ulgamlary, oba hojalygy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen birlikde, hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da işjeňleşýändigi bellenildi. Şeýle-de bilelikdäki hökümetara toparyň orny nygtaldy.

Taraplar Türkmenistan bilen EYR-nyň arasyndaky deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026