HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi gaýragoýulmasyz wezipe hökmünde kesgitledi

Noýabr 20, 2023 | 22:52 |5352
Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak Ýaponiýa üçin gaýragoýulmasyz wezipedir. Bu barada Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen Tokioda geçirilen gepleşiklerden soň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine mälim etdi.Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak Ýaponiýa üçin gaýragoýulmasyz wezipedir. Bu barada Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen Tokioda geçirilen gepleşiklerden soň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine mälim etdi.
Çeşme: japantimes.co.jp

Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak Ýaponiýa üçin gaýragoýulmasyz wezipedir. Bu barada Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen Tokioda geçirilen gepleşiklerden soň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine mälim etdi.

"Merkezi Aziýa ýurtlary geosyýasy taýdan barha möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şonuň üçin-de, bu ýurtlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak gaýragoýulmasyz wezipedir" diýip, Hökümet Baştutanynyň sözlerine salgylanyp, “NHK TW” habar berýär.

Ýaponiýa soňky döwürde Merkezi Aziýa ýurtlary bolan Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýär.

Şu ýylyň iýun aýynda Fumio Kisida Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligine Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary bilen sammit duşuşygynyň görnüşini ýola goýmagyň üstünde işlemegi tabşyrdy. Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda sammit görnüşindäki yzygiderli duşuşyklaryň 2024-nji ýylda başlamagyna garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026