HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli metbugat maslahaty geçirildi

Noýabr 22, 2023 | 20:24 |8479
22-nji noýabrda Ýewropa medeniýetiniň Türkmenistandaky günleriniň çäginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan metbugat maslahaty ÝB-niň wekilhanasynyň binasynda geçirildi.22-nji noýabrda Ýewropa medeniýetiniň Türkmenistandaky günleriniň çäginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan metbugat maslahaty ÝB-niň wekilhanasynyň binasynda geçirildi.
Çeşme: ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy

22-nji noýabrda Ýewropa medeniýetiniň Türkmenistandaky günleriniň çäginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan metbugat maslahaty ÝB-niň wekilhanasynyň binasynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa öz çykyşynda bu şanly sene mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi we Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Iň ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň we gepleşikleriň ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we pugtalandyrylmagyna goşant goşýandygy bellenildi. Şu nukdaýnazardan, 2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýewropa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda geçirilen duşuşygyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigiň hyzmatdaşlygynda möhüm tapgyra öwrülendigi nygtaldy.

Şeýle hem türkmen tarapy parlamentara gepleşikleriniň işjeň häsiýete eýe bolýandygyny, bu ugurda Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklaryna ähmiýet berilýändigini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” hyzmatdaşlyk formaty gatnaşyklary giňeltmekde möhüm gurallarynyň biri hökmünde bellenildi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary, ulag, sanlylaşdyrma, ekologiýa we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamynda, şol sanda, bilim we saglygy goraýyş pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar we taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Metbugat maslahatyna gatnaşyjylar gazanylan üstünlikler we geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026