HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Görmek mümkinçiligi bolmadyk adamlara türkmen dilindäki ýazgyny sesli görnüşe öwürýän programma işe girizildi

Noýabr 20, 2023 | 20:06 |18343
“Dünýa” atly bu programmany ýükläp almak we gurnamak tölegsiz bolup, ol “Windows” we “Android” programma ulgamlarynda işleýär.“Dünýa” atly bu programmany ýükläp almak we gurnamak tölegsiz bolup, ol “Windows” we “Android” programma ulgamlarynda işleýär.
Çeşme: BMG-niň Çagalar gaznasy

Aşgabatda görüş taýdan kemis doglan adamlara ekrandaky türkmen dilinde ýazylan hat ýagysyny sesli görnüşe öwürýän sintezleýji täze programmany işe girizme dabarasy geçirildi.

1 (1).JPG

BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda geçirilen dabara 20-nji noýabrda bellenilýän Bütindünýä çagalar güni mynasybetli guraldy. ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň we ýurduň Bilim ministrligi tarapyndan döredilen bu başlangyç, görüş ukyby bolmadyk çagalara we ululara bilim almak we täze zatlary öwrenmek mümkinçiliklerini giňelder.

2 (1).JPG

“Dünýa” atly bu programmany ýükläp almak we gurnamak tölegsiz bolup, ol “Windows” we “Android” programma ulgamlarynda işleýär. Onda “JAWS” we “NVDA” ýaly okamak üçin goşmaça hyzmatlar hem elýeterlidir. “Android” ulgamy üçin programma üpjünçiligini “Play Market” platformasyndan ýükläp alyp bolýar.

3 (2).JPG

“ORIENT” bu möhüm sosial taslama hakda ýakyn wagtda aýratyn makalada has giňişleýin maglumat berer.

Bu programma üpjünçiligi Türkmenistanyň raýatlary üçin häzirki zaman zerurlyklaryny, deňhukukly we hemmeler üçin eýeterli, ähli mümkinçilikleri öz içine alýan bilim ulgamyny kemala getirmegiň çäginde döredildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026