HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda innowasion telekeçiligiň baýramçylygy geçer

Noýabr 21, 2023 | 09:22 |5943
Tehnologiýalaryň çalt üýtgeýän, jemgyýetiň talaplarynyň bolsa barha çylşyrymlaşýan döwründe innowasiýalar üstünlikli geljegiň açary bolup durýar. Innowasiýa diýmek näme? Munuň özi biziň gündelik durmuşymyzy özgeldýän täze, mälim bolmadyk bir zadyň bazarda peýda bolýan pursadydyr.Tehnologiýalaryň çalt üýtgeýän, jemgyýetiň talaplarynyň bolsa barha çylşyrymlaşýan döwründe innowasiýalar üstünlikli geljegiň açary bolup durýar. Innowasiýa diýmek näme? Munuň özi biziň gündelik durmuşymyzy özgeldýän täze, mälim bolmadyk bir zadyň bazarda peýda bolýan pursadydyr.
Çeşme: MCT Agency tarapyndan

Tehnologiýalaryň çalt üýtgeýän, jemgyýetiň talaplarynyň bolsa barha çylşyrymlaşýan döwründe innowasiýalar üstünlikli geljegiň açary bolup durýar. Innowasiýa diýmek näme? Munuň özi biziň gündelik durmuşymyzy özgeldýän täze, mälim bolmadyk bir zadyň bazarda peýda bolýan pursadydyr.

Köplenç innowasiýalar öz ýany bilen diňe täze bir önüm getirmek bilen çäklenmän, eýsem biziň dünýä garaýşymyzy hem üýtgedýärler. Innowasiýalar biziň durmuşymyzy täze derejä çykarýan kuwwatly herektlendirijidir. Olar gymmatly wagtymyzy tygşytlamaga mümkinçilik berýärler, köp ýeňillikleri döredýärler, iň esasysy bolsa, gündelik meselelerimizi çözmäge ýardam berýärler.

Ýöne täze bir zat döredilende töwekgelçiligiň paýynyň hem bardygyny bellemek gerek. Täze önüme bazarda isleg bildirilermi? Sarp edijiler innowasiýalara olary döredijiler ýaly baha berip bilerlermi? Şeýle töwekgelçilikleri öz üstüne alyp bilýän telekeçiler biziň döwrümiziň gahrymanlarydyr.

Hut şeýle telekeçileri goldamak üçin 25-nji noýabrda StartUp Academy “Innowasion telekeçiligiň baýramçylygy” atly çäräni geçirýär. Bu çäre az öwrenilen ugurlarda täze mümkinçilikleri görýän hem-de öňe gitmäge taýýar telekeçileri bir ýere jemlär.

Startaplaryň Demo Day bäsleşigi baýramçylygyň esasy çäresi bolar. Bäsleşikde işe täze başlaýan telekeçiler öz taslamalary hem-de innowasion önümleri bilen tanyşdyrarlar.

Bu çärede Startaplar akademiýasynyň 9-njy çalşygynyň uçrumlary öz taslamalary bilen tanyşdyrarlar. Olaryň işläp taýýarlamalary innowasiýalaryň güýjüne ynanýan hem-de täze mümkinçilikleri açyp, ynamly öňe barýanlar üçin ylham çeşmesi bolar.

Innowasion telekeçiligiň baýramçylygy diňe bir senenamadaky aýratyn bir waka bolman, eýsem bizi gurşap alýan dünýämize täzeden garamaga mümkinçilikdir. Siz hem özümiziň döredýän geljegimize guralýan bu syýahata gatnaşyň!

Tomaşaçy hökmünde ýazylmak hem-de çäre barada habarlaşmak üçin şu internet-saýtyna ýüz tutup bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026