HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan GH-niň zenanlaryň hukuklaryny we ygtyýarlyklaryny giňeltmek boýunça maslahatyna gatnaşýar

Noýabr 20, 2023 | 15:53 |9250
Şu gün Bakuwda zenanlaryň hukularyny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça Goşulyşmazlyk hereketiniň Halkara maslahaty öz işine başlady. Bu maslahata türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.Şu gün Bakuwda zenanlaryň hukularyny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça Goşulyşmazlyk hereketiniň Halkara maslahaty öz işine başlady. Bu maslahata türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.
Çeşme: report.az

Şu gün Bakuwda zenanlaryň hukularyny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça Goşulyşmazlyk hereketiniň Halkara maslahaty öz işine başlady. Bu maslahata türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.

Interaktiw özara täsiriň elementleri bilen birnäçe panel çekişmelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Duşuşygyň açylyş dabarasynda Azerbaýjanyň Adalatçysy Sabina Aliýewa, Döwlet synag merkeziniň müdiriýetiniň başlygy Maleýka Abbaszade, Azerbaýjanyň ilkinji Adalatçysy Elmira Süleýmanowa we beýleki işgärler çykyş etdiler.

Türkmenistan Zenanlar Bileleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Akjemal Durdyýewa ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistanyň ähli ugurlarda gender deňligini işjeň goldaýandygyny belledi. “Zenanlara hormat goýmaklyk türkmen halkynyň milliliginde öz beýanyny tapýar. Gender deňligi, biziň tagallalarymyzyň esasy ugurlaryndan biridir. Zenanlara garşy diskriminasiýany ýok etmäge gönükdirilen ähli borçnamalar ýerine ýetirilýär"-diýip, Durdyýewa nygtady.

processed-e255e504-80d5-4150-8b3b-9421fffeea7f_Yiyd4jnW.jpeg

Maslahata halkara guramalary hem gatnaşýar, şol sanda: BMG, ISESCO we Halkara türki medeniýeti we mirasy gaznasy bar. Çärä dünýäniň dürli künjeklerinden: Türkiýe, Özbegistan, Türkmenistan, Sudan, Russiýa, Indoneziýa, Müsür, Wenesuela, Palestina, Hindistan, Birleşen Arap Emirlikleri we beýleki birnäçe ýurtlardan hünärmenler gatnaşdy.

Goşulyşmazlyk hereketi harby-syýasy bloglara gatnaşmaýandyklaryny we daşary syýasatynyň esasy hökmünde garaşsyzlyk we deňlik ýörelgelerinde parahatçylykly ýaşaşandygyny yglan eden ýurtlary özüne birleşdirýär. Oňa jemi 120 döwlet girýär we başga-da birnäçe ýurtlar we halkara guramalar onda synçy statusyna eýedir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026