

Biržada ýeňil senagatyň önümleri we el halylary satyldy
Gyş paslynyň ilkinji gününde - 1-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda içerki we daşarky bazara ýeňil senagatyň önümleri we el halylary satyldy.


Gyş paslynyň ilkinji gününde - 1-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda içerki we daşarky bazara ýeňil senagatyň önümleri we el halylary satyldy.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Zambiýa Respublikasynyň Prezidenti Hakainde Hiçilemany gutlady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.


COP28 konferensiýasynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Inger Andersen bilen duşuşdy.


2012-nji ýylda kabul edilen Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa Türkmenistanyň ählumumy howa gün tertibine doly derejede goşulyşmagynyň ýolunda başlangyç nokada öwrüldi diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynda (COP-28) eden çykyşynda mälim etdi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Dubaý şäherinde geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynda (COP28) maslahatynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.


China Daily web saýty we ASEAN-Hytaý merkezi tarapyndan Interneti ösdürmegiň Hytaý gaznasy bilen bilelikde guralan halkara Hytaý-ASEAN media-syýahaty tamamlandy.


Belarus Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza hukuk derejesini almak boýunça borçnamalary baradaky ähtnamany tassyklamak işini tamamlady diýip, РИА новости habar berýär.


12-nji dekabra çenli dowam etjek bütindünýä forumyna dünýäniň 190-dan gowrak ýurdundan döwlet we Hökümet Baştutanlary, alymlar we jemgyýetçilik guramalarynyň görnükli wekilleri gatnaşýarlar.


Ýakyn wagtda Özbegistanyň ähli 11 halkara howa menzillerinde syýahatçylar üçin tax free ulgamy ornaşdyrylar. Bu barada Uzbegistan airports açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugy habar berýär.


Wise-premýere Aşgabat şäheriniň 2045-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasy işlenip taýýarlanylanda ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryndan, öňdebaryjy halkara şähergurluşyk tejribesinden ugur alynmagyny üpjün etmek tabşyryldy.


GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy 26-njy dekabrda Sankt-Peterburgda geçiriler. Muny GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew habar etdi.


“Hökümetara toparyň mejlisiniň ahyrynda degişli Teswirnama we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça beýleki resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ähli ugurlardaky özara gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyklaryny görkezýär” diýlip, hatda bellenýär.


Halkara sergiler býurosy 2030-njy ýylda Bütindünýä sergisiniň Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda geçiriljedigini yglan etdi.


Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-niň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi.


Gyrgyzystanyň Žogorku Keneşi ýurduň baýdagyny üýtgetmek hakyndaky Kanun taslamasyny kabul etdi diýip, respublikanyň parlamentiniň metbugat gullugy habar berýär.