HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA ýurtlarynyň Prezidentleriniň resmi däl duşuşygy 26-njy dekabrda Sankt-Peterburgda geçiriler

Noýabr 30, 2023 | 15:32 |6178
GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy 26-njy dekabrda Sankt-Peterburgda geçiriler. Muny GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew habar etdi.GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy 26-njy dekabrda Sankt-Peterburgda geçiriler. Muny GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew habar etdi.
Çeşme: atorus.ru

GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy 26-njy dekabrda Sankt-Peterburgda geçiriler. Muny GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew habar etdi.

“25-26-njy dekabr aralygynda Sankt-Peterburgda hem iki möhüm çäre geçiriler. Bu, Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginiň 25-nji dekabrda Prezidentler derejesindäki Ýokary geňeşi we 26-njy GDA ýurtlarynyň Prezidentleriniň resmi däl duşuşygy”-diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Minskde bolup geçýän Arkalaşygyň agza ýurtlarynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi başlamazdan ozal aýdyp geçdi.

Lebedew "Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Wladimirowiç Putin soňky ýyllarda resmi däl duşuşykda aragatnaşyk saklamak, häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we pikir alyşmak üçin 26-njy dekabrda öz kärdeşlerini Sankt-Peterburg şäherine çagyrdy" -diýip, belledi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň web sahypasynda habar berilýär.

Lebedew 18-nji dekabrda GDA ýurtlarynyň Hökümet baştutanlarynyň adatdan daşary duşuşygynyň hem geçiriljekdigini habar berdi.

“GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň duşuşygy Russiýa Federasiýasynyň başlangyjy bilen adatdan daşary ýygnakdyr. Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustiniň başlangyjy bilen 18-nji dekabrda Moskwada geçiriler diýlip garaşylýar. GDA ýurtlarynyň premýer-ministrleri ýylyň ahyrynda GDA-nyň işine baha bermek we häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanarlar diýip, Sergeý Lebedew aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026