HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow HHR-niň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýany kabul etdi

Noýabr 29, 2023 | 22:27 |9169
Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-niň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi.Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-niň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi.
Çeşme: tdh.gov.tm

Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-niň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi.

Din Sýuesýan HHR-niň Başlygy Si Szinpinden we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Siýanyň Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna iberen salamyny ýetirdi we Hytaýyň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny berkitmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Serdar Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklaryň olgunly häsiýetine, şeýle hem türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ähmiýetine ünsi çekdi.

Söhbetdeşler, söwda-ykdysady gatnaşyklar, energiýa, ulag we logistika, ynsanperwer we ylmy-tehniki ugurlar boýunça kiçi komitetleriň mejlisleriniň geçirilişine taýýarlyk döwründe HK-iň 6-njy mejlisiniň temalary barada pikir alyşdylar. Şu günki mejlisiň netijeleriniň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny täze gözýetimlere çykarjakdygyna ynam bildirildi.

Serdar Berdimuhamedow iň ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýeti barada belläp, şu ýyl Hytaýa eden sapary wagtynda Si Szinpin bilen bolan duşuşyklaryny ýakymly duýgylar bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Golaýda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Hytaýa bardy. Milli Lider Üçünji “Bir guşak, bir ýol” forumyna gatnaşdy we Hytaýyň ýolbaşçylary bilen netijeli gepleşikleri geçirdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki saparlaryň dowamynda gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilmegi möhüm mesele bolup durýar.

Hytaý ençeme ýyl bäri, Türkmenistanyň iň uly daşary ykdysady hyzmatdaşy bolup gelýär, muňa mysal hökmünde energetika pudagyndaky özara gatnaşyklary aýdyp bolar.

Ynsanperwer gatnaşyklara hem döwletara gepleşiklerinde aýratyn orun berilýär. Türkmen raýatlarynyň köpüsi Hytaýyň ÝOM-de okaýar. Biziň ýurdumyzdaky birnäçe ýokary we orta bilim edaralarynda hytaý dili öwredilýär. Ýakynda Aşgabatda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň açylyşy boldy we Maryda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň Ýaşlar forumy geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

15:37 Iýun 22, 2026
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026