Biržada ýeňil senagatyň önümleri we el halylary satyldy


Gyş paslynyň ilkinji gününde - 1-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda içerki we daşarky bazara ýeňil senagatyň önümleri we el halylary satyldy.
Daşarky bazarda Belarus Respublikasyndan işewürler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen boýalan sütükli dokma önümleri satyn aldylar.
BAE-niň we Özbegistan Respublikasynyň işewür toparlary ýerli kärhanalardan aşgarlanmadyk "Panama" nah ýüplügi we arassalanan pagta galyndylaryny agartmakdan galyndylary satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Içerki bazarda türkmen telekeçileri ýerli kärhanalar bilen el halylaryny satyn almak boýunça söwda geleşigini baglaşdylar.
Umuman, 1-nji dekabrda Döwlet haryt çig-mal biržasynda jemi bahasy 8 million 970 müň manatlyk we 446,5 müň dollarlyk bolan 5 geleşik baglaşyldy.
ORIENT news








