HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

EKSPO-2030 bütindünýä sergisi Er-Riýadda geçer

Noýabr 30, 2023 | 04:13 |7073
Halkara sergiler býurosy 2030-njy ýylda Bütindünýä sergisiniň Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda geçiriljedigini yglan etdi.Halkara sergiler býurosy 2030-njy ýylda Bütindünýä sergisiniň Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda geçiriljedigini yglan etdi.
Çeşme: arabianbusiness.com

Halkara sergiler býurosy 2030-njy ýylda Bütindünýä sergisiniň Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda geçiriljedigini yglan etdi.

Bu ählumumy çäräni 2030-njy ýylyň oktýabr aýyndan 2031-nji ýylyň mart aýy aralygynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Saud Arabystany öz bäsdeşlerinden – Günorta Koreýadan (Pusan şäheri) we Italiýadan (Rim şäheri) ep-esli öňe gitmegi başardy. Saud Arabystany üçin gatnaşyjy ýurtlaryň 119-sy, Günorta Koreýa üçin 29-sy, Italiýa üçin bolsa 17-si ses berdi.

Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammet Ibn Salman Al Saud Patyşalygyň ýüz tutmasyny goldan ýurtlara hoşallygyny beýan edip, Bütindünýä sergisinde ählumumy jemgyýetçiligi kabul etmäge taýýardygyny nygtady. Ol Saud Arabystanynyň serginiň “Özgerilişikler eýýamy: öňdengörüjilikli geljegiň hatyrasyna bilelikde” atly baş şygaryny gazanmak üçin ýüztutmada göz öňünde tutulan ähli borçnamalary ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Saud Arabystany çäräniň baş meýilnamasynyň bahasynyň 7,8 mlrd dollara deňdigini yglan etdi. Meýilnama laýyklykda, sergi häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Patyşa Salman adyndaky halkara howa menziliniň golaýynda ýaýbaňlandyrylar.

Myhmanlar serginiň geçirilýän ýerine “Metro Er-Riýad” ulgamy bilen sanlyja minudyň içinde baryp bilerler.

Sergide jemi 226 pawilýon ýerleşdiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026