Belarus ŞHG girmek boýunça ähtnamamany tassyklady


Belarus Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza hukuk derejesini almak boýunça borçnamalary baradaky ähtnamany tassyklamak işini tamamlady diýip, РИА новости habar berýär.
Respublikanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bu barada degişli resminama gol çekdi. Resminama Belarusyň milli hukuk internet portalynda çap edildi.
Indi ýurduň Ministrler geňeşine “Belarus Respublikasynyň ähtnama gatnaşmagyny resmileşdirmek üçin zerur çäreleri görmegi” gerek.
Belarusyň ŞHG agza hukuk derejesini almagy boýunça borçnamalary baradaky ähtnama 20223-nji ýylyň 4-nji iýulynda Hindistanyň paýtagty Nýu Delide gol çekildi.
Resminama laýyklykda, Belarus ŞHG-niň çäklerinde kabul edilen resminamalaryň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmäge borçlanýar. Ýagny, respublika ŞHG-niň Hartiýasyna, bu guramanyň terrorçylyga, separatizme we ekstrimizme garşy göreşmek boýunça konwensiýalaryna we bu resminamalaryň teswirnamalaryna goşular.
2024-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna hem-de 15-nji apreline çenli Belarus şeýle hem ŞHG-niň birnäçe beýleki resminamalaryna goşular.
ORIENT news








