Hytaýyň we ASEAN ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilelikdäki media-syýahatda boldylar


China Daily web saýty we ASEAN-Hytaý merkezi tarapyndan Interneti ösdürmegiň Hytaý gaznasy bilen bilelikde guralan halkara Hytaý-ASEAN media-syýahaty tamamlandy.
Media-syýahat Hytaýyň we Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assossiýasiýasyna girýän ýurtlaryň esasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi.
“Bir guşak-bir ýol” başlangyjynyň on ýyllygyna gabatlanyp geçirilen çäre hytaý kärhanalarynyň gazanan sepgitlerini hem-de Hytaýyň we ASEAN ýurtlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň taryhyny açyp görkezmäge gönükdirilendir. Şeýle hem bu çäre ýurtlaryň arasynda baglanyşdyryjy halka hökmünde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornuny nygtaýar.
Media-syýahat Jakartada ýokary tizlikli Jakarta-Bandung demirýolunyň Halim stansiýasynda badalga aldy. 142,3 km bolan ýokary tizlikli demirýol Indoneziýanyň paýtagty Jakartany ýurduň ululygy boýunça dördinji şäheri bolan Bandung bilen baglanyşdyrýar. Bu demirýol Hytaýyň öňe sürýän “Guşak we ýol” başlangyjy bilen Indoneziýanyň “Ählumumy deňiz daýanjy” atly strategiýasyny birleşdirýän taslama bolup durýar. Bu demirýol adamlar üçin howpsyz we rahat syýahaty üpjün edýär.
Şeýle hem çärä gatnaşyjylar Singapurdaky Wintech Nano-Technology Services Pte Ltd kompaniýasyna baryp gördüler. Bu kompaniýa ýarymgeçiriji çipleri seljermek we synag etmek ulgamynda ählumumy işläp taýýarlamalar bilen meşgullanýar.
Olar Jakartadaky Cainiao Cikarang logistika parkyna hem baryp gördüler. 6 ammardan ybarat bolan bu logistika merkezi ýerli işewürligiň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, şeýle hem halkara söwdany höweslendirmek üçin niýetlenendir.
ORIENT news








