

Geçen hepde TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda 31 geleşik hasaba alyndy
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda 31 geleşik hasaba alyndy.


Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda 31 geleşik hasaba alyndy.


“Ählumumy Günortanyň sesi” atly Üçünji sammitiniň ministrleriniň duşuşygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ählumumy Günortanyň ýurtlary bilen ulag we energetika pudaklary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek maksat edinýär.


Häzirki döwürde internediň her öýde elýeterlidigi sebäpli çagalara diňe güýmeýän däl, eýsem öwredýän mazmun hödürlemek örän möhüm.


Türkmenistanda “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly ilkinji halkara sergi-ýarmarkasy 19-njy awgustdan 22-nji awgust aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan Türkmen ekspo kompaniýasy bilen bilelikde gurnalýar.


2024-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly M.Öwezow Türkiýe Respublikasynyň Halkara awtomobil gatnawlary assosasiýasynyň (UND) ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Şeýle hem duşuşyga Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň wekilleri hem gatnaşdy.


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi lukmançylyk galyndylaryny, şol sanda suwuk lukmançylyk galyndylaryny zyýansyzlandyrmak üçin stasionar enjamyny aldy.


Anna güni, 16-njy awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda nebithimiýa pudagynyň önümlerine we gurluşyk materiallaryna uly isleg bildirildi.


Waka: Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek Aşgabatda “Kids Expo: hemme zat çagalar üçin” atly Halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy geçiriler.


Türkmenistanyň ösüşiniň berk binýady bolup hyzmat edýän sanly ykdysadyýeti yzygiderli kämilleşdirmek we bu işlere ýaşlary çekmek Hormatly Prezidentimiziň Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän il bähbitli, ýurt ähmiýetli syýasatynyň biri bolup durýar.


Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy söwda we ulag pudagynda statistiki maglumatlary kämilleşdirmek barada tegelek stol geçirdi.


15-nji awgustda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow, bu ýurduň Milli arhiwiniň Baş Sekretary Ahmed Al Abu Aýneýn bilen duşuşdy.


Penşenbe güni, 15-nji awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda «Türkmennebit» Döwlet konserniniň önünlerine uly isleg bildirildi.


“Goç Ýigit” brendi çagarlar üçin “Oguzlar” kolleksiýasyny 19-njy awgustdan 22-nji awgust aralygynda Aşgabatda geçiriljek “Kids Expo: hemme zat çagalar üçin” atly ilkinji halkara sergi-ýarmarkasynda (satuw) hödürlär.


Çarşenbe güni, 14-nji awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda nebithimiýa senagatynyň önümleri satyldy.


Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida 14-nji awgustda metbugat maslahatynda eden çykyşynda Liberal-demokratik partiýasynyň liderliginiň ikinji möhletiniň saýlawlaryna gatnaşmajagy barada habar berdi.