TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda nebithimiýa senagatynyň önümleri satyldy


Çarşenbe güni, 14-nji awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda nebithimiýa senagatynyň önümleri satyldy.
Owganystan döwletiniň we BAE-niň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden gidrousulda arassalanan “ULSD 10ppm” kysymly dizel ýangyjyny we “L-0,5-62” kysymly dizel ýangyjyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Oman döwletiniň we BAE-niň işewürleri “Türkmenhimiýa” Döwlet konserninden “B” kysymly karbamidy satyn aldylar.
Owganystan döwletiniň we BAE-niň işewürleri “Türkmennebit” DK suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkiýe döwletiniň işewürleri türkmen kärhanalaryndan dokma önümlerini satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 42 593 944 ABŞ dollaryna deň bolan 12 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.
ORIENT news








