HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Stambulda Türkiýe Respublikasynyň Halkara awtomobil gatnawlary assosasiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Awgust 17, 2024 | 10:43 |9341
2024-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly M.Öwezow Türkiýe Respublikasynyň Halkara awtomobil gatnawlary assosasiýasynyň (UND) ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Şeýle hem duşuşyga Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň wekilleri hem gatnaşdy.2024-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly M.Öwezow Türkiýe Respublikasynyň Halkara awtomobil gatnawlary assosasiýasynyň (UND) ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Şeýle hem duşuşyga Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň wekilleri hem gatnaşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2024-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly M.Öwezow Türkiýe Respublikasynyň Halkara awtomobil gatnawlary assosasiýasynyň (UND) ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Şeýle hem duşuşyga Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň wekilleri hem gatnaşdy.

Duşuşykda taraplar ulag we logistikany ösdürmek üçin täze innowasion çemeleşmeleri we sanly çözgütleri, tehnologiýalary ulanmak üçin täze mümkinçilikleri kesgitlemek, durnuklylygyny üpjün etmek, ulag infrastrukturasynyň hyzmatyny ösdürmek üçin ulag pudagynda halkara goldawyny giňeltmek we Türkmenistan bilen UND-iň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmekligi ara alyp maslahatlaşdylar.

Tutuş dünýä üçin durnukly ulag aragatnaşygyny üpjün etmegiň zerurdygyny we derwaýysdygyny belläp, taraplar durnukly ulag ulgamynyň we Türkmenistanyň bu ugurda halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Taraplar, şeýle hem sebitdäki üstaşyr gatnawynyň mukdaryny ýokarlandyrmakda iki ýurduň işjeň ornunyň ähmiýetini bellediler. Söhbetdeşler Türkmenistanyň halkara ulag ulgamlaryny düýpli kämilleşdirmek we ösdürmek bilen baglanyşykly ägirt uly mümkinçlikler barada bir meňzeş garaýyşlary beýan etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026