HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda lukmançylyk galyndylaryny zyýansyzlandyrmak üçin enjamlar oturdyldy

Awgust 17, 2024 | 10:30 |8745
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi lukmançylyk galyndylaryny, şol sanda suwuk lukmançylyk galyndylaryny zyýansyzlandyrmak  üçin stasionar enjamyny aldy.Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi lukmançylyk galyndylaryny, şol sanda suwuk lukmançylyk galyndylaryny zyýansyzlandyrmak  üçin stasionar enjamyny aldy.
Çeşme: instagram.com/undp_turkmenistan

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi lukmançylyk galyndylaryny, şol sanda suwuk lukmançylyk galyndylaryny zyýansyzlandyrmak üçin stasionar enjamyny aldy.

Enjamlar Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamanyň çäginde üpjün edildi.

Enjam eýýäm Türkmenistanyň Ýokanç keseller müdiriýetiniň Gan merkezinde oturdyldy.

Bu tehnologiýa, gepatit A, B, C, AIW, poliomielit, Ebola wirusyny, SARS we MERS wiruslaryny, şeýle hem patogen mikroorganizmler ýaly ganda we düzüm böleklerinde ýüze çykaryp bolýan we donarlyk üçin ýaramsyz bolan stafilokokklar, streptokokklar, inçekeseli we beýlekileri mikobakteriýalary ýok etmäge mümkinçilik berýär. Döwrebap galyndylary taşlaýyş ulgamynyň kömegi bilen ýokuşmagy mümkin bolan lukmançylyk galyndylary düýpli zyýansyzlandyrma tapgyryndan geçýär we mundan beýläk zyňmak üçin howpsuz bolýar.

Şeýle hem enjamlar lukmançylyk edaralarynyň ekologiýa howpsuzlygyny berkidýär we lukmançylyk galyndylaryny zyýasyzlandyrmak üçin himiki serişdeleri ulanmak zerurlygyny aradan aýyrar. Amalyň doly awtomatlaşdyrylmagy we oturdylan resminamalar ulgamy ähli zyýansyzlandyrma tapgyrlarynyň ählisiniň aç-açanlygyny üpjün edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026