HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Kids Expo» sergisine gatnaşyjy – «Rishat» event-agentligi

Awgust 17, 2024 | 13:38 |9964
Türkmenistanda “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly ilkinji halkara sergi-ýarmarkasy 19-njy awgustdan 22-nji awgust aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan Türkmen ekspo kompaniýasy bilen bilelikde gurnalýar.Türkmenistanda “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly ilkinji halkara sergi-ýarmarkasy 19-njy awgustdan 22-nji awgust aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan Türkmen ekspo kompaniýasy bilen bilelikde gurnalýar.
Çeşme: guramaçylar tarapyndan berildi

Türkmenistanda “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly ilkinji halkara sergi-ýarmarkasy 19-njy awgustdan 22-nji awgust aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan Türkmen ekspo kompaniýasy bilen bilelikde gurnalýar.

Sergä gatnaşýanlaryň biri hem “Rishat” Event-agentligidir.

Söhbetdeşlikde agentligiň ýolbaşçysy hödürlenýän hyzmatlar barada we başga-da köp zatlar hakda gürrüň berdi.

“Event” agentligi näme bilen meşgullanýar?

“Event” agentligi, müşderiler tarapyndan sargyt edilen çäreleri guraýan we geçirýän topar.

Nähilli hyzmatlary hödürleýärsiňiz?

Animatorlardan başga-da, dürli potratçylar bilen işleýäris: gözbagçylar, bezeg, akwagrim, çişirilen batut we başgalar. Umuman, çagalaryň baýramçylygy üçin niýetlenen bazara hödürläp boljak zatlaryny tapýarys we guraýarys.

Näme üçin baýramçylyk dabaralaryny guramak üçin şu “Rishat” agentligine ýüz tutmaly?

Ilki bilen, bu çäreleri guramakda bahasyna ýetip bolmajak tejribe. Guramaçylyk amallary köp telefon jaňlaryny, duşuşyklary öz içine alýar we her dürli ownuk zatlary we ujupsyz aýratynlyklary göz öňünde tutmaly. Adamlar bilen işlemek köp zähmet we wagt talap edýär we käbir meseleleri ýeterlik tejribe we iş ulgamyny bilmezden çözmek kyn.

“Rishat” agentligi köp sanly hyzmatlary hödürleýär we şeýlelik bilen baýramçylyga taýýarlygy ýönekeýleşdirýär. Ýagny, müşderlere gözlegler we jaň üçin wagtyny ýitirmek zerurlygy ýok. Operatorymyzyň özi baýramçylyk üçin tekliplerini hödürlär. Şeýle hem, her bir müşderä aýratynlykda tekliplerimizi hödürleýäris. Agentligiň düzüminde ssenariýany düzýän döredijilik topary bar, olar baýramçylyk dabarasynda çagalaryň ýaşyna görä, geçiriljek ýerini we mowzugyny göz öňünde tutup, täze bir zatlary oýlap tapýarlar;

Çäreler hakda müşderiniň alada etmeginiň zerurlygy ýok, administratorymyz hemme zady gözegçilikde saklaýar. Ýeri gelende aýtsak, biz baýramçylyk dabaralarynda administratoryň wezipesini hödürlänleriň ilkinjileriň biri. Mümkin bolan müşderi, biziň bilen habarlaşyp, garaşylmadyk ýagdaýlardan ätiýaçlandyrýar, bu ýagdaýda agentligiň hemişe “B” meýilnamasy bar.

Öz toparyňyz barada gürrüň beräýiň

Biziň gaty gowy toparymyz bar. Biz güýçli, zehinli, hyjuwly oglanlary saýladyk. Köpüsi öz işiniň ussatlary: aktýorlar, suratkeşler, tansçylar.

Siziň pikiriňizçe, animator nähilli ukyp başarnyklara eýe bolmaly?

Ilki bilen, ol çeper, takyk, arassa, görmegeý bolmaly we elbetde çagalary we işini söýmeli.

“Kids expo” sergisine gatnaşmak bilen siz nämä garaşýarsyňyz?

Çagalara we olaryň ene-atalaryna agentlik hakda mümkin boldugyça köp zatlary gürrüň bermek isleýärin. Şeýle hem, çagalar üçin hyzmatlary pudagyndan geljekdäki hymatdaşlyk üçin täze adamlar bilen tanyşmak isleýärin. Garagum myhmanhanasynyň çägindäki sergi meýdançasynda geçiriljek sergi-ýarmarkasynda “Rishat” agentliginiň hyzmatlary we wekilleri bilen tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026