TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda nebithimiýa pudagynyň önümlerine we gurluşyk materiallaryna uly isleg bildirildi


Anna güni, 16-njy awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda nebithimiýa pudagynyň önümlerine we gurluşyk materiallaryna uly isleg bildirildi.
Türkiýe döwletiniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “L-0,5-62” kysymly dizel ýangyjyny we “BND 60/90” kysymly şepbik nebit ýol bitumyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkmenistanly işewürler topary Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz float aýnasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 3 875 000 manada we 980 000 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.
ORIENT news








