Habarlar

Türkmenbaşy deňiz porty Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýar: hereket edýän täze söwda ýolyTürkmenbaşy deňiz porty Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýar: hereket edýän täze söwda ýoly

Türkmenbaşy deňiz porty Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýar: hereket edýän täze söwda ýoly

“Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi Gyrgyzystan–Özbegistan–Türkmenistan–Azerbaýjan–ÝB ulag ugry üçin gowy geljegi açýar. Muny Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministriniň orunbasary Beknazar Bazaralyýew mälim etdi diýip, Gyrgyzystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär. Ministriň orunbasarynyň sözlerine görä, şu günki gün bu ugur doly işleýär – Gyrgyzystanyň ýük daşaýjylary eýýäm ony harytlary Ýewropa eltmek üçin ulanýarlar

IFT 2025 "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça halkara foruma hasaba alnyş açyldyIFT 2025 "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça halkara foruma hasaba alnyş açyldy

IFT 2025 "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça halkara foruma hasaba alnyş açyldy

2025-nji ýylyñ 18-nji martynda Türkmenistanda "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum (IFT 2025) geçiriler. "TMT Consulting Group" kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyñ Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi hem-de Söwda-senagat edarasy maslahatyñ guramaçylary hökmünde çykyş eder.

BMGÖM we Türkmenistan gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek üçin tagallary birleşdirýärBMGÖM we Türkmenistan gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek üçin tagallary birleşdirýär

BMGÖM we Türkmenistan gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek üçin tagallary birleşdirýär

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) “Maliýe bazarlaryny ösdürmek boýunça institusional we kadalaşdyryş gurşawy berkitmäge goldaw” atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde 20–24-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Aşgabat gazna biržasynyň hünärmenleri üçin üç günlük okuw maslahaty geçirildi

Halkara maliýe derejesini ýokarlandyrmakHalkara maliýe derejesini ýokarlandyrmak

Halkara maliýe derejesini ýokarlandyrmak

17-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini pugtalandyrmak we abraýyny ýokarlandyrmak, şeýle hem “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri çözmek üçin ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi