HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 23 geleşik hasaba alyndy

Mart 10, 2025 | 12:57 |4393
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda 23 geleşik hasaba alyndy.Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda 23 geleşik hasaba alyndy.
Çeşme: exchange.gov.tm

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda 23 geleşik hasaba alyndy.

Daşary ýurt pul birligine Birleşen Arap Emirlikleriň, Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” Döwlet konserniniň tehnologik desgalarynda işlenilen esas ýagyny, uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, şeýle hem “Türkmenhimiýa” DK-niň önümçiligi bolan hlorly natrini, karbamidi, ECO 93 kysymly awtoulag benzinini hem-de nebit galyndylaryny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt pul birligine buýanyň kökleri we kök baldaklary, dürli görnüşli ýumşak sütükli önümler, jins matasy, nah ýüplükler, buýan kökli çaý içgileri ýerlenildi. Satyn alyjy-ýurtlar: Germaniýa, Serbiýa, Gyrgyzystan, Ukraina. Geleşikleriň umumy bahasy 29 mln 355 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazara ýerli işewürler umumy bahasy 4 mln 200 müň manada barabar bolan buýan köküniň goýaldylan ekstraktyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026