“Türkmengaz” maddy-tehniki serişdeleri satyn almak barada bäsleşik yglan etdi


“Türkmengaz” Döwlet konserni zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № T/GAZ-11 belgili açyk bäsleşigi yglan etdi. Haýyşnamalaryň kabul edişligi 2025-nji ýylyň 7-nji martyndan 21-nji apreline çenli dowam eder. Bäsleşik üç loty öz içine alýar:
Lot № 1 – turbalar we metal önümleri;
Lot № 2 – umumy zawod enjamlary;
Lot № 3 – elektrik tehnikasy enjamlary, gözegçilik-ölçeg abzallary we kabel önümleri.
Gatnaşmak üçin haýyşnamalar Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK salgysy boýunça kabul edilýär. Ofşor zolagynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplaryna eýe bolan kompaniýalar bäsleşige gatnaşdyrylmaýar.
Gatnaşmak üçin aşakdakylar zerur:
Kompaniýanyň doly adyny, onuň hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we bank rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça arzalary tabşyrmak;
“Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny we bäsleşik resminamalary bilen tanyşmak;
lotlaryň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak.
Bäsleşige gatnaşmak üçin bir Lot üçin 500 ABŞ dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Bäsleşik teklipleri 21.04.2025 ý. 15:00 çenli (ýerli wagt bilen) kabul edilýär. Bellenen möhletden soň gelen teklipler kabul edilmeýär.
Giňişleýin maglumat www.turkmengaz.gov.tm www.oilgas.gov.tm saýtlarynda elýeterlidir.
Habarlaşmak üçin:
E-mail: info@turkmengaz.gov.tm, odum@turkmengaz.gov.tm
Telefon belgileri: +993 (12) 40-37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42.
ORIENT








