HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Londonda türkmen-britan Söwda-senagat geňeşiniň mejlisi geçirildi

Mart 07, 2025 | 22:55 |7753
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 6-7-nji mart aralygynda türkmen-britan Söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) 8-nji mejlisine gatnaşmak üçin Londonda iş saparynda boldy öwrüldiTürkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 6-7-nji mart aralygynda türkmen-britan Söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) 8-nji mejlisine gatnaşmak üçin Londonda iş saparynda boldy öwrüldi
Çeşme: MFET

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 6-7-nji mart aralygynda Türkmen-britan Söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) 8-nji mejlisine gatnaşmak üçin Londonda iş saparynda boldy. Bu sapar Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm tapgyra öwrüldi.

0702025-v-londone-zasedanie-turkmeno-britanskogo-soveta (4).jpg

Saparyň birinji gününde wekiliýet Kowentri uniwersitetiniň Londondaky şahamçasyna baryp, akademiki we ylmy hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, BP-niň (British Petroleum) edara binasynda bolup, energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegine garadylar, şeýle hem Londanyň gazana biržasynda saparda bolup, ol ýerde maliýe we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alnyp maslahatlaşdylar.

0702025-v-londone-zasedanie-turkmeno-britanskogo-soveta (1).jpeg

Saparyň ikinji gününde Türkmen-britan Söwda-senagat geňeşiniň mejlisi geçirildi, şol ýerde türkmen wekiliýetiniň agzalary we öňdebaryjy britan kompaniýalary we guramalary çykyş etdiler we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläkde pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti işewürlik gurşawyny gowulandyrmak we maýa goýumlary höweslendirmek boýunça başlangyçlaryny hödürledi. Olar infrastrukturanyň ösüşi, tehnologiýalar we tejribe alyş-çalyş boýunça bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň möhümdigini nygtadylar.

0702025-v-londone-zasedanie-turkmeno-britanskogo-soveta (5).jpg

Mundan başga-da, söwda, oba hojalygy, suw hojalygy, energetika we durnukly ösüş bilen baglanyşykly möhüm meseleler, şeýle hem sanly tehnologiýalar we bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläkde pugtalandyrmak boýunça gazanylan ylalaşyklar mejlisiň möhüm netijeleriniň biri boldy.

Bu sapar ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek we bilelikdäki başlangyçlar üçin täze mümkinçilikleri döretmek ugrunda möhüm ädim boldy.

v-londone-zasedanie-turkmeno-britanskogo-soveta (1).jpeg

“TUKTIC”-niň mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýa boýunça Beýik Britaniýanyň söwda wekili lord Jon Olderdaýs hem-de “JCB” kompaniýasynyň wekilleri bilen möhüm duşuşyklar geçirildi. Onuň çäginde mundan beýläkki hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026