Habarlar

Syrderýa Merkezi Aziýanyň ilkinji «sanlylaşdyrylan» derýasy bolarSyrderýa Merkezi Aziýanyň ilkinji «sanlylaşdyrylan» derýasy bolar

Syrderýa Merkezi Aziýanyň ilkinji «sanlylaşdyrylan» derýasy bolar

2026-njy ýylyň sentýabryna çenli Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ugurdaş edaralary Syrderýanyň basseýninde akymy hasaba almagyň utgaşdyrylan awtomatlaşdyrylan ulgamyny döretmek boýunça işçi toparyny kemala getirerler. Şeýle çözgüt Türkistan şäherinde Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw hojalygy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda (Gyrgyzystan synçy hökmünde gatnaşdy) Döwletara utgaşdyryjy suw hojalygy komissiýasynyň 94-nji mejlisinde kabul edildi

Türkmenistan suw serişdelerini dolandyrmak we düýbüni çuňaltmak işleri boýunça Niderlandlaryň tehnologiýalaryna ünsüni çekýärTürkmenistan suw serişdelerini dolandyrmak we düýbüni çuňaltmak işleri boýunça Niderlandlaryň tehnologiýalaryna ünsüni çekýär

Türkmenistan suw serişdelerini dolandyrmak we düýbüni çuňaltmak işleri boýunça Niderlandlaryň tehnologiýalaryna ünsüni çekýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýeti Niderlandlara amala aşyran saparynyň çäklerinde düýbüni çuňaltmak işleri, deňiz inženerçiligi we gidrologiýa bilimi boýunça dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe gepleşikleri geçirdi

Türkmenistanda suwuklandyrylan gazyň öndürilişi meýilnamadan 23%-e golaý artyk ýerine ýetirildiTürkmenistanda suwuklandyrylan gazyň öndürilişi meýilnamadan 23%-e golaý artyk ýerine ýetirildi

Türkmenistanda suwuklandyrylan gazyň öndürilişi meýilnamadan 23%-e golaý artyk ýerine ýetirildi

2026-njy ýylyň ýedi aýynda ýangyç-energetika toplumynyň işiniň esasy görkezijileri 1-nji awgust, şenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde beýan edildi. Hasabata görä, pudagyň esasy kärhanalary çig maly çykarmak boýunça meýilnama görkezijilerini diňe bir üstünlikli ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän senagatyň taýýar önümleriniň önümçiligini hem ep-esli artdyrdy