Russiýada Türkmenistanyň üsti bilen Hindi ummanyna çykýan demir ýol ugrunyň zerurlygy barada mälim edildi


Göz öňünde tutulýan geosyýasy töwekçilikleriň we adaty deňiz ýollarynyň durnuksyzlygynyň artýan döwründe, Russiýa Türkmenistanyň, Eýranyň, Owganystanyň we Pakistanyň üsti bilen Hindi ummanyna çykýan demir ýol ugurlaryny işläp düzmek möhümdir. Bu barada RF-nyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin TASS agentligine beren interwýusynda mälim etdi.
Wise-premýeriň sözlerine görä, Bosfor we Ormuz bogazlaryndaky logistik töwekçilikler Günorta Aziýa barýan alternatiw gury ýer ugurlaryny gözlemegi çaltlandyrmaga mejbur edýär. Türkmenistanyň we goňşy döwletleriň çägi arkaly demir ýol gatnawyny ösdürmek, haryt akymlaryny Hindi ummanynyň portlaryna çykarmak we Hindistanyň bazaryna göni çykalgany üpjün etmek üçin iň geljegi uly wezipeleriň biri hökmünde görülýär.
Dünýäniň nebit söwdasynyň takmynan dörtden bir böleginiň we suwuklandyrylan tebigy gazynyň bäşden bir böleginiň geçýän adaty ugry bolan Ormuz bogazyndaky ýagdaýlaryň çylşyrymlaşmagynyň şertlerinde, Merkezi Aziýada gury ýer ulag ýollaryny berkitmegiň ähmiýeti has-da artdy. Şeýle şertlerde, ösen demir ýol düzümine eýe bolan we strategik geografik şertlerde ýerleşýän Türkmenistan «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň esasy çatrygyna hem-de yklymlaýyn logistikanyň ygtybarly baglanyşdyryjy halkasyna öwrülýär.








