Gazagystan Aşgabatda hemişelik sergi-dükan meýdançasyny açýar


Gazagystanyň Söwda syýasatyny ösdürmek boýunça "QazTrade" merkezi (Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrliginiň operatory) Türkmenistanda milli önümleriň hemişelik görkezme meýdançasyny döretmäge girişdi.
Ýöriteleşdirilen "Gazagystanyň tekjesi" Aşgabatdaky iri söwda merkezleriniň birinde ýerleşdiriler. Häzirki tapgyrda milli institusional operator gazak öndürijileriniň önümleriniň nusgalaryny saýlamak we jemlemek işlerini alyp barýar. Ilkinji tapgyrda gündelik sarp edilýän harytlar, azyk senagatynyň önümleri we uzak wagtlap saklamaga ýaramly harytlar hödürlener.
Hemişelik işleýän B2B we B2C-şourum türkmen bölek satuw kompaniýalaryna, distribýutor kompaniýalaryna we importçylaryna goňşy ýurtdan getirilýän harytlaryň görnüşleri we hili bilen gönüden-göni tanyşmaga, gepleşikleri geçirmäge hem-de araçysyz göni üpjünçilik şertnamalaryny baglaşmaga mümkinçilik berer.
Aşgabatdaky sergi ekspozisiýasynyň işe girizilmegi "QazTrade"-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynda söwda öýlerini we gazak brendleriniň önüm tekjelerini ösdürmek boýunça maksatnamasynyň dowamydyr.








