HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy uly depgine eýe bolýar: 116 kilometr turba çekildi

Awgust 10, 2026 | 17:19 |3958
Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň Owganystandaky böleginiň gurluşygy täze tapgyra gadam basdyTürkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň Owganystandaky böleginiň gurluşygy täze tapgyra gadam basdy
Çeşme: didpress.com

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň Owganystandaky böleginiň gurluşygy täze tapgyra gadam basdy. Owganystanyň Premýer-ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasarynyň edarasynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gaz geçirijiniň eýýäm 116 kilometri çekildi. Şolaryň 38 kilometri doly ýer astyndan geçirildi. Bu barada Owganystanyň "DID Press" habarlar gullugy habar berýär.

Gaz geçirijiniň ýene-de 135 kilometrlik ugry turba çekmäge doly taýýar edildi. Bu ýerde garymlar arassalanyp, ýerli şertlere laýyklykda zerur inženerçilik taýýarlyk işleri geçirildi. Tassyklanan meýilnama laýyklykda, gaz geçirijiniň Hyrat şäherine çenli bolan esasy böleginiň gurluşygyny 2026-njy ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.

Geçirijiniň esasy ugurlaryň gurluşygy bilen bir hatarda, ýakyn wagtda Hyrat şäheriniň içerki gaz paýlaýyş ulgamynyň meýdan gözleglerine we taslamalaşdyryş işlerine hem başlanar. Türkmen tebigy gazynyň bu iri senagat merkezine iberilmegi ýerli ykdysadyýete güýçli itergi berer. Ol ýüzlerçe önümçilik kärhanasyny arassa ýangyç bilen üpjün etmäge we müňlerçe täze iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, alnan gazy ýerli ýylylyk elektrik stansiýalarynda ulanmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa ýurduň elektrik energiýasynyň importyna bolan garaşlylygyny ep-esli azaltmaga we öz energiýa howpsuzlygynyň binýadyny döretmäge mümkinçilik berer. coda orient.jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026