HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Owganystan türkmen gazyny göni satyn alyp başlar

Awgust 11, 2026 | 14:40 |2356
«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Afghan Gas» döwlet korporasiýasy Turgundy serhetýaka (Hyrat welaýaty) nokadynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Afghan Gas» döwlet korporasiýasy Turgundy serhetýaka (Hyrat welaýaty) nokadynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
Çeşme: ariananews.af

«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Afghan Gas» döwlet korporasiýasy Turgundy serhetýaka (Hyrat welaýaty) nokadynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Dabara 10-njy awgust, duşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradaryň gatnaşmagynda geçirildi.

Bu resminama TOPH gaz geçirijisi taslamasynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary has anyklaşdyrýar we türkmen tebigy gazynyň owgan sarp edijilerine göni iberilmegine başlamagyň täjirçilik hem-de infrastruktura binýadyny döredýär.

Ähtnama laýyklykda, taraplar Hyrat welaýatynda gaz paýlaýyş we gaz geçiriji ulgamlaryna degişli infrastruktura desgalaryny bilelikde gurmak barada ylalaşdylar.

10082026-turkmengaz-afghan-gas-mou-technical-committee (1).jpg

Türkmenistandan göni iberiljek gazyň hasabyna ýerli senagat kärhanalaryny, elektrik stansiýalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny we durmuş maksatly desgalary ekologiýa taýdan arassa ýangyç bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär.

Owganystanyň «Ariana News» habarlar agentliginiň Premýer-ministriň orunbasarynyň diwanyna salgylanyp habar bermegine görä, Ähtnama türkmen gazynyň amaly taýdan ulanylmagynyň esasy mehanizmlerini kesgitleýär. Hususan-da, resminamada satyn alynjak gazyň möçberleri, ýangyjyň Owganystanyň energetika ulgamynyň içinde paýlanyş tertibi, şeýle hem bahanyň kesgitleniş tertibi düzgünleşdirilýär.

Ýokary derejedäki gepleşikleriň amaly netijeleriniň biri hökmünde iki ýurduň ýokary wezipeli adamlaryň ýolbaşçylygynda ýörite tehniki komiteti döretmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Täze dörediljek düzüm birnäçe strategik başlangyçlaryň durmuşa geçirilişine gönüden-göni gözegçilik eder: TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna, TOP elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna we demir ýol ulaglary pudagyndaky taslamalara.

Bilelikdäki tehniki komitetiň döredilmegi ýüze çykýan guramaçylyk we inženerçilik meselelerini dessin çözmäge, şeýle hem esasy taslamalaryň ählisiniň yzygiderli we has netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

09:00 Sentýabr 17, 2026
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026