

Aşgabat halkara transport forumyny geçirer
18-19-njy iýulda Aşgabatda ulag we tranzit geçelgelerini ösdürmäge we olaryň özara baglanyşygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçiriler.


18-19-njy iýulda Aşgabatda ulag we tranzit geçelgelerini ösdürmäge we olaryň özara baglanyşygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçiriler.


Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan Durnukly ösüş maksatlary boýunça milli iş topary nobatdaky onlaýn-duşuşyk geçirdi. Onda ýurtda DÖM-ny durmuşa geçirmek boýunça gazanylan üstünlikler we mundan beýläkki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Anna güni, 24-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $21,7 million we 21,1 million manatlyk 16 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenistanyň hökümeti Dragon Oil kompaniýasy bilen täze şertnamanyň şertlerine garaýar, şol hyzmatdaşlygyň çäklerinde Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygynyň özleşdirilişini çaltlandyrmak maksat edinilýär.


"Türkmennebit" DK Hytaýyň nebit-himiýa korporasiýasynyň garamagyndaky Halkara nebit hyzmaty kompaniýasy bilen döwlet konserniniň guýularynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak boýunça iş alyp barmak üçin şertnama baglaşar.


Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň XI mejlisine taýýarlyk görmek Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşygynyň esasy meselesi boldy.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen iş duşuşygyny geçirdi, duşuşygyň dowamynda Aşgabat bilen Brýusseliň maliýe we ykdysady ugurdaky özara gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.


Penşenbe güni, 23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $993,7 müň we 904,1 müň manat bolan 5 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Geljekki 30 ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça global maksatlara ýetmek üçin dünýä boýunça maýa goýumlarynyň göwrümi ABŞ-nyň dollary bilen 275 trilliondan gowrak bolar. Bu baha Bütindünýä bankynyň bilermenleri tarapyndan berilýär.


Anton Çernyşew – UGTR “Ýewropa we Merkezi Aziýa” sebiti boýunça direktory uglewodorodlary çykaryp almagyň ekologiýa ugurlaryna bagyşlanan Aşgabat forumynda çykyş edip, wodorod önümçiligine dürli çemeleşmeler hem-de wodorod energetikasynyň geljegi barada gürrüň berdi.


Sişenbe güni, 21-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Türkiýeden gelen telekeçi Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli nah ýüplükleri satyn almaga geleşikleri baglaşdy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Moskwanyň biržasy 27-nji iýunda walýuta bazarynda Özbegistanyň sumynyň, Ermenistanyň dramynyň we Günorta Afrika Respublikasynyň rendiniň söwdasyna başlar. Bu barada söwda meýdançasyna salgylanýan Russiýanyň “Praým” ykdysady maglumatlar agentligi habat berýär.


Duşenbe güni, 20-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Hindistanyň we Gazagystanyň telekeçileri dürli görnüşli nah ýüplükleri satyn almaga geleşikleri baglaşdylar diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenistanyň Merkezi banky kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine hususy programma önümlerini döretmek üçin karzlary bermegiň Tertibini işläp taýýarlady.


Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $23,1 million we 8 million manatlyk geleşikleriň 24-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.