HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: nah ýüplükler eksporta, binýatlyk ýaglar – içerki bazarda ýerlenildi

Sentýabr 13, 2022 | 03:42 |7967
Duşenbe güni, 12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $736,4 müň we 7,3 million manat bolan 11 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Duşenbe güni, 12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $736,4 müň we 7,3 million manat bolan 11 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Duşenbe güni, 12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $736,4 müň we 7,3 million manat bolan 11 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Türkiýäniň işewürleri Türkmengala we Sakarçage etraplarynda, şeýle hem Daşoguz şäherinde öndürilen nah ýüplükleriň dürli görnüşleriniň 269,5 müň kg. satyn aldylar. Geleşigiň umumy bahasy $736,4 müň deň boldy.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler umymy bahasy 7,2 million manat bolan Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyndan SN-180 görnüşli binýatlyk nebitiň jemi 2 müň tonnasyny satyn aldylar.

Şeýle hem içerki bazarda elde dokalan türkmen halylary almak üçin geleşik baglaşyldy. Şunda amallaryň umumy bahasy 45,3 müň manatdan gowrak boldy.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news
Foto: sigaus.es

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026