Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Saud Arabystanynyň Ösüş gaznasynyň ýolbaşçylary maýa goýum hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdylar


Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Saud Arabystanynyň Ösüş gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Soltan bin Abdulrahman Al-Marşad türkmen-saud maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada pikir alyşdylar.
Gepleşikler Türkmenistanyň wekiliýetiniň Saud Arabystanyna "Merkezi Aziýa - Aýlagyň arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi" atly strategik gepleşikleriň ministrler ýygnagyna gatnaşmak üçin iş saparynyň çäginde geçirildi – diýlip, Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Taraplar Türkmenistanyň gazhimiýasy, energiýa, suw we oba hojalygy, şeýle hem saglygy goraýyş pudagynda geljegi uly maýa goýum taslamalaryna garadylar.
Gepleşikleriň dowamynda kesgitlenen ugurlarda maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygy bellenip geçildi.
Saud Arabystanynyň Ösüş gaznasy iň iri özygtyýarly gaznalaryň biridir. Ol Saud Arabystanynyň hökümetiniň adyndan 1971-nji ýylda maýa goýumlary üçin döredildi. 2021-nji ýyldaky çaklamalara görä, onuň umumy baýlygy takmynan 430 milliard dollara deňdir.
ORIENT news
Foto: alarabiya.net








