TDHÇMB-niň söwdalary: tüýjümek önümleri eksporta ýerlenildi

Sentýabr 08, 2022 | 09:50 |7715
Sişenbe güni, 6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň wekili orta öwüşginli boýalan tüýjümek önümlerini satyn aldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Sişenbe güni, 6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň wekili orta öwüşginli boýalan tüýjümek önümlerini satyn aldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Sişenbe güni, 6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň wekili orta öwüşginli boýalan tüýjümek önümlerini satyn aldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanasynda öndürilen önümiň jemi 33 müň kg. eksporta ýerlenildi. Geleşigiň umumy bahasy $181,5 müň deň boldy.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news
Foto: Süleýman Çaryýew