HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşkentde geçiriljek sammitde Merkezi Aziýanyň söwda bilen meşgullanýan zenanlary üçin kynçylyklar we mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşylar

Sentýabr 08, 2022 | 07:05 |11579
USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça maksatnamasy 21-nji sentýabrda Özbegistanyň paýtagtynda  “Söwda bilen meşgullanýan aýallar: Merkezi Aziýada aýallar üçin kynçylyklar we mümkinçilikler. Iň oňat tejribeler” atly ikinji sebitleýin aýallar sammitini geçirer.USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça maksatnamasy 21-nji sentýabrda Özbegistanyň paýtagtynda  “Söwda bilen meşgullanýan aýallar: Merkezi Aziýada aýallar üçin kynçylyklar we mümkinçilikler. Iň oňat tejribeler” atly ikinji sebitleýin aýallar sammitini geçirer.
Çeşme:

– USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça maksatnamasy 21-nji sentýabrda Özbegistanyň paýtagtynda “Söwda bilen meşgullanýan aýallar: Merkezi Aziýada aýallar üçin kynçylyklar we mümkinçilikler. Iň oňat tejribeler” atly ikinji sebitleýin aýallar sammitini geçirer – diýip, gurama metbugat habarnamasynda habar berýär.

Sammitiň maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, şol sanda söwda we gümrük dolandyryşynda gender taraplarynyň göz öňünde tutulmagyny üpjün etmekden ybarat.

Sammit Zoom platformasynda geçiriler we şu salgy boýunça ýaýlyma berler. Ol kärhanalaryň eýeleri we ýolbaşçylary bolan zenan telekeçileri we menejerleri, jemgyýetçilik işgärleri, işewür aýallar birleşikleriniň, döwlet edaralarynyň we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň zenan wekillerini birleşdirer.

Bu çäre gümrük pudagynda gender deňliginiň ähmiýeti, sebitde elektron söwdanyň ösüşine syn, şeýle hem Özbegistanda “Aýallar ulagda we logistikada” atly assosiasiýanyň wekilhanasyny açmagyň artykmaçlyklary ýaly meselelere bagyşlanan birnäçe bölümçelerden ybarat bolar.

USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça maksatnamasy bu sammiti Ýewropanyň Ösüş we täzeleniş banky (ÝÖTB) bilen ABŞ-nyň Söwda hukuklaryny ösüş maksatnamasy (CLDP) bilen hyzmatdaşlykda gurnaýar.

Çärä gatnaşmak üçin elektron hasaba alyş blankasyny dolduryp bilersiňiz. Sammitiň deslapky meýilnamasy bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

Has giňişleýin maglumat üçin gulmira_myrzakmat@dai.com e-mail salgysy boýunça habarlaşmak bolar.

ORIENT news
Foto: uz.usembassy.gov

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026