Pagtany ýygnap almaga meýdanlara 1600 kombaýn çykarylar


Her duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň däp boýunça geçirýän sanly ulgam arkaly iş maslahatynda obasenagat meseleleri boýunça wise-premýer Annageldi Ýazmyradow gözegçilik edýän pudagyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şol sanda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda ýygnalyp alynjak şu ýylyň pagta hasyly ýüklenen ilkinji awtoulaglary 7-nji sentýabrda kabul ediş harmanhanalara ugratmaga taýýarlyk görlüşi barda habar berildi.
Bir hepdeden soň bolsa Daşoguz welaýatynyň ekerançylary hem pagta ýygymyna goşulyşarlar.
Wise-premýer hasabatynyň dowamynda şu sanlar barada durup geçdi: “ak altyn” hasylynyň ýygymyna 1 müň 600 kombaýn gatnaşar, hasyly daşamaga awtoulaglaryň 7 müň 800-si hereket edip, pagtany 39 sany pagta arassalaýjy kärhanalara hem-de 158 sany hasyl kabul ediş harmanhanalara daşarlar.
Wise-premýer şunuň bilen bir hatarda, welaýatlarda güýzlük bugdaý ekişiniň dowam edýändigini, Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyryna, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda bolsa şaly ekinine ideg edilýändigini habar berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýerlerdäki hökümet edaralarynyň suw serişdelerini oýlanşykly peýdalanmak maksady bilen, ýerleriň suwarylyşy baradaky meseleleri gözegçilikde saklaýandyklaryna üns çekdi.
Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow ýeralmanyň giçki görnüşleriniň hasylyny hem-de beýleki gök önümleri öz wagtynda ýygnap almak boýunça görkezme berdi.
ORIENT news








