"Türkmengaz" DK-niň wekiliýeti Özbegistanyň senagat kärhanalaryna baryp gördi


"Türkmengaz" DK-niň wekiliýeti söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Daşkendiň "Tehnopark" kärhanasyna baryp gördüler.
Konserniň wekilleri önümçiligiň gidişi, “Tehnopark” JÇJ-iň uzakmöhletleýin meýilnamalary we işleri bilen tanyşdylar. Kompaniýanyň ýolbaşçylary önümleriň hili, laboratoriýa synaglary, sergi otaglarynyň we önümçilik liniýalarynyň ýerleşýän ýerleri barada jikme-jik maglumat berdiler.

Geljekde Türkmenistana “akylly” gaz hasaplaýjylary ugratmak bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi. Taraplar, şeýle hem, bu önümçiligini Türkmenistanda guramak, hünärmen we işgär taýýarlamak we tejribe alyşmak üçin aragatnaşyk gurmak mümkinçiliklerini öwrenmek barada ylalaşdylar.
Iş saparynyň barşynda türkmen wekiliýeti Özbegistanyň Elektrotehnika senagat kärhanalary Assosiasiýasynyň we “HududGazTa'minot” nebit-gaz kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda gepleşikleri geçirer.

ORIENT news








