Habarlar

Türkmenistanyň Pariždäki Ýewraziýa hepdeligine gatnaşmagyna garaşylýarTürkmenistanyň Pariždäki Ýewraziýa hepdeligine gatnaşmagyna garaşylýar

Türkmenistanyň Pariždäki Ýewraziýa hepdeligine gatnaşmagyna garaşylýar

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Ýewraziýa müdiriýetiniň wekiliýeti, Aşgabat şäherine saparynyň dowamynda, 7-nji noýabrda, ikitaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna bardy. YHÖG-niň bu bölüminiň ýolbaşçysy Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen söhbetdeşliginde Türkmenistanyň indiki aýda, 12-14-nji dekabr aralygynda Parižde geçiriljek YHÖG-niň Ýewraziýa hepdeligine gatnaşmagyna garaşylýandygyny, we bu çäre barada umumy düşünjeleri belledi.

Daewoo E&C Aşgabatdaky şahamçasynyň üsti bilen Merkezi Aziýa bazaryna girmegi meýilleşdirýärDaewoo E&C Aşgabatdaky şahamçasynyň üsti bilen Merkezi Aziýa bazaryna girmegi meýilleşdirýär

Daewoo E&C Aşgabatdaky şahamçasynyň üsti bilen Merkezi Aziýa bazaryna girmegi meýilleşdirýär

"Bu şahamçany döretmek bilen, biz Merkezi Aziýada öňdebaryjy bolarys we geljekdäki ösüş üçin esas dörederis" – diýip, "Daewoo Engineering & Construction" kompaniýasynyň başlygy Jong Won Ju 31-nji oktýabrda Aşgabatda bolan Günorta Koreýanyň kompaniýasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasynda belledi. Ol şahamçanyň Daewoo E & C-ni Merkezi Aziýa bazarynda öňe sürmek üçin öňdebaryjy esas bolup hyzmat etjekdigini aýtdy.