HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Londonda we Berlinde işewürlik forumlaryny gurar

Noýabr 03, 2023 | 10:38 |5857
Bu forumlaryň dowamynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum mümkinçilikleri, maglumat tehnologiýalary, ulag, telekommunikasiýa ulgamlarynda ýurdumyzyň infrastrukturasyny ösdürmegiň maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmak, nebitgaz, himiýa we beýleki senagat pudaklaryny, bank, ätiýaçlandyryş pudaklaryny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.Bu forumlaryň dowamynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum mümkinçilikleri, maglumat tehnologiýalary, ulag, telekommunikasiýa ulgamlarynda ýurdumyzyň infrastrukturasyny ösdürmegiň maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmak, nebitgaz, himiýa we beýleki senagat pudaklaryny, bank, ätiýaçlandyryş pudaklaryny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.
Çeşme: pixabay.com

20-nji noýabrda Berlinde Türkmen-german işewürlik forumyny, 22-23-nji noýabrda bolsa, Londonda maýa goýum forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary penşenbe güni geçirilen Hökamet mejlisinde Prezident Serdar berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Bu forumlaryň dowamynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum mümkinçilikleri, maglumat tehnologiýalary, ulag, telekommunikasiýa ulgamlarynda ýurdumyzyň infrastrukturasyny ösdürmegiň maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmak, nebitgaz, himiýa we beýleki senagat pudaklaryny, bank, ätiýaçlandyryş pudaklaryny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Döwlet Baştutany Berlin şäherinde boljak Türkmen-german işewürlik maslahatynda, şeýle hem London şäherindäki maýa goýum forumynda milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmäge gönükdirilen taslamalara uly orun berilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026