Rumyniýa Gara deňiz-Hazar ulag ýolunyň çalt ýola goýulmagyny goldaýar
Noýabr 07, 2023 | 12:59 |7336


Duşenbe güni Rumyniýanyň Daşary işler ministri Luminisa Odobesku we Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow 6-njy noýabrda Rumyniýanyň Buharestdäki Daşary işler ministrliginiň merkezinde syýasy we diplomatik geňeşmeleri geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda iki ýokary wezipeli wekiller ikitaraplaýyn gepleşikleriň ýagdaýy we geljegi, sebit we halkara gün tertibindäki häzirki mowzuklar barada pikir alyşdy.
Duşuşykdan soň ministr Luminisa Odobesku Azerbaýjanyň Günorta Kawkazda Rumyniýanyň esasy ykdysady hyzmatdaşydygyny aýtdy we Gara deňiz-Hazar halkara ulag ýolunyň möhletinden öň işe girizilmegi baradaky gepleşikleriň möhümdigini belledi diýip, Veridica neşiri habar berýär.
ORIENT news








