HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Eýran gümrük hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar

Noýabr 07, 2023 | 15:36 |7647
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň wekilleriniň türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Sarahs-Sarahs» gözegçilik-geçiriş ýerinde iş duşuşygy geçirildi.6-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň wekilleriniň türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Sarahs-Sarahs» gözegçilik-geçiriş ýerinde iş duşuşygy geçirildi.
Çeşme: jeyhun.news

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň wekilleriniň türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Sarahs-Sarahs» gözegçilik-geçiriş ýerinde iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 30-njy maýynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirilen türkmen-eýran gepleşikleriniň netijeleri boýunça gol çekilen, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2023-2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de göz öňünde tutulýan çäreleri durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, taraplar türkmen we eýran serhedinde hereket edýän gümrük nokadynda gümrük gözegçiliginiň guralyşy, harytlaryň barlagy we bu ugurda ulanylýan enjamlar, resmileşdiriş işleriniň alnyp barlyşy we sanly ulgamyň ulanylyşy, gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş babatda alnyp barylýan işler we beýleki bar bolan tejribeler, şeýle hem demirýol hem-de awtomobil ulaglarynda ýükler daşalanda gümrük we logistika hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişi bilen birek-biregi ýakyndan tanyşdyrdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026