Habarlar

Türkmenistanyň kompaniýalary Tähranda geçiriljek "EURASIA EXPO-2023" sergisine çagyryldyTürkmenistanyň kompaniýalary Tähranda geçiriljek "EURASIA EXPO-2023" sergisine çagyryldy

Türkmenistanyň kompaniýalary Tähranda geçiriljek "EURASIA EXPO-2023" sergisine çagyryldy

4 - 7-nji dekabrda Eýranyň paýtagty Tähranyň Merkezi sergi toplumynda 2- nji "EURASIA EXPO-2023" atly halkara sergisi geçiriler. Bu gözden geçirilişe Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Pakistanyň, Yragyň, Kuweýtiň, Bahreýniň, Omanyň, Türkiýäniň, BAE-niň, Saud Arabystanynyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Singapuryň, Wýetnamyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy şu ýyl 11,6% ýokarlandyRussiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy şu ýyl 11,6% ýokarlandy

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy şu ýyl 11,6% ýokarlandy

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy şu ýyl 11,6% ýokarlandy. Rus-türkmen işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Mihail Rumýantsew - bu ägirt uly üstünlik diýip, belledi. Onuň sözlerine görä, bu görkezijiniň ösmegine Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan Russiýanyň dürli sebitlerine ýük daşalşynyň 125,8% ýokarlanmagy täsir edýär we bu görkezijini ýokarlandyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikler bardyr. Ol bu barada Russiýanyň G.W. Plehanow adyndaky Ykdysadyýet uniwersiteti tarapyndan gurnalan 4-nji Halkara daşary ykdysady forumda Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesine bagyşlanan "Işewürlik üçin kynçylyklar we çözgütler: başarnyklaryň sinergiýasy"-da çykyş etdi. Bu barada “RŽD-hyzmatdaş” ýazýar.