Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy şu ýyl 11,6% ýokarlandy


Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy şu ýyl 11,6% ýokarlandy. Rus-türkmen işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Mihail Rumýantsew - bu ägirt uly üstünlik diýip, belledi. Onuň sözlerine görä, bu görkezijiniň ösmegine Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan Russiýanyň dürli sebitlerine ýük daşalşynyň 125,8% ýokarlanmagy täsir edýär we bu görkezijini ýokarlandyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikler bardyr. Ol bu barada Russiýanyň G.W. Plehanow adyndaky Ykdysadyýet uniwersiteti tarapyndan gurnalan 4-nji Halkara daşary ykdysady forumda Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesine bagyşlanan "Işewürlik üçin kynçylyklar we çözgütler: başarnyklaryň sinergiýasy"-da çykyş etdi. Bu barada “RŽD-hyzmatdaş” ýazýar.
Şeýle-de bolsa, dürli ýol giňlikleri - Türkmenistanda 1520 mm we Eýranda 1435 mm - ýurda gireniňde we çykanyňda Sarahs-Serahs serhet geçelgesinde wagon tigirleriniň çalşylmagyny talap edýär. “Häzir ol ýeriň çalt depginde durky täzelener. Bu çykdajylary azaldar we önümler has çalt geler. Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahamçasynyň we ýygnalan rulonlara wagonlaryň birikdirilip bilinmegi sebäpli iki tarapa-da getirilýän önümleriň mukdaryny artdyryp bolar”-diýip, Rumyantsew belläp geçdi.
Ekspert: “Awtoulaglar demir ýol bilen deň mukdarda haryt daşap bilmeýär. Mundan başga-da, ýangyç gymmatlaýar we Bender-Abbas portuna düşürmek bilen Türkmenistandan we Eýrandan geçýän demir ýola, mümkin boldugyça goldaw bermäge şeýle-de, diňe bir ýola däl, eýsem rus biznesini Türkmenistana birleşdirmäge, bu ýurtda işlemäge kömek etmäge, serişdeleriniň ösdürilmegine goşant goşmaga taýýardyrys”-diýdi.
Ýakyn wagtda Türkmenistanyň çäginde bazalar dörediler, döwlet eksport edýän ýurtlaryň geljekde Owganystana haryt iberip biljek merkezine öwrülip biler, diýip Rumyantsew sözüniň üstüni ýetirdi.
ORIENT news








