HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

China daily: Hytaý 2023-nji ýylda iň iri awtoulag eksportçysy bolar

Noýabr 30, 2023 | 12:38 |5233
2023-nji ýylda Hytaýyň dünýäde iň iri awtoulag eksportçysy bolmagyna garaşylýar diýip, China daily habar berýär.2023-nji ýylda Hytaýyň dünýäde iň iri awtoulag eksportçysy bolmagyna garaşylýar diýip, China daily habar berýär.
Çeşme: chinadaily.com.cn

2023-nji ýylda Hytaýyň dünýäde iň iri awtoulag eksportçysy bolmagyna garaşylýar diýip, China daily habar berýär.

Germaniýanyň barlag institutynyň soňky hasabatyna görä, Hytaý ýanwar aýyndan sentýabr aýyna çenli daşary ýurtlara 3,4 mln awtoulag satdy. Munuň özi, şol döwürde degişlilikde 3,2 mln we 2,4 mln awtoulag eksport eden Ýaponiýadan we Germaniýadan köpdür.

Geçen ýyl hem Hytaý awtoulaglaryň ekporty boýunça Germaniýadan öňe geçipdi.

Halkara söwdasyna ýardam bermek boýunça Hytaý geňeşiniň wekili Wan Sýanyň aýtmagyna görä, hytaý awtoulaglarynyň daşary ýurtlardaky meşhurlygy olaryň elektrifikasiýasyndaky aýratynlyklary bilen şertlendirilendir. Litiý-ion akkumulýatorlarynyň önümçiliginde Hytaýyň öňdebaryjylygy ýurduň kärhanalaryna çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berýär.

Hytaýyň awtomobil ekportynyň ugurlary hem ýuwaş-ýuwaşdan Ýewropa, Demirgazyk Amerika we beýleki ugurlara giňedi. Maglumatlar 2022-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň elektromobil bazarynyň 8% hytaý brendleriniň paýyna düşýändigini görkezýär we 2025-nji ýylda bu görkezijiniň 15% çenli ýetmegine garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026