HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Azerbaýjan “Dostluk” ýatagynyň bilelikde işlenişini ara alyp maslahatlaşdylar

Noýabr 29, 2023 | 09:38 |5681
Dostluk ýatagy Hazar deňziniň türkmen we azerbaýjan serhedinde ýerleşýär. Bu ýatakda bilelikde gözleg işini alyp barmak we işlemek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda gol çekildi.Dostluk ýatagy Hazar deňziniň türkmen we azerbaýjan serhedinde ýerleşýär. Bu ýatakda bilelikde gözleg işini alyp barmak we işlemek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda gol çekildi.
Çeşme: trend.az

Türkmenistanyň Minstrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow we “SOCAR” kompaniýasynyň prezidenti Rawşan Najaf bilen duşuşyk geçirdi. Onda “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, “Trend” habarlar agentligi mälim edýär.

“Türkmenistana iş saparynyň çäginde “SOCAR-yň” prezidenti Rawşan Najaf we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow ikitaraplaýyn energiýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini, şol sanda onuň häzirki ýagdaýyny, gaz alyş-çalşygyny hem-de “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdyk” diýlip, kompaniýanyň “X” sosial ulgamyndaky hasabynda bellenýär.

Dostluk ýatagy Hazar deňziniň türkmen we azerbaýjan serhedinde ýerleşýär. Bu ýatakda bilelikde gözleg işini alyp barmak we işlemek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda gol çekildi.

Häzirki wagtda bu ýatakda gözleg işlerini alyp barmak we onuň gorlaryny häzirki zaman seýsmiki gözleg usullary bilen hasaplamak meýilleşdirilýär. Munuň üçin birnäçe tehniki we maliýe meselelerini kesgitlemek zerurdyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026