

Demirýol ugry Merkezi Aziýany we Hytaýy baglanyşdyrar
Ýük otlusy Hytaýyň gündogaryndaky Szýansi welaýatyndaky Nançan halkara guryýer portundan Merkezi Aziýa ugrady. Bu barada China daily habar berýär.


Ýük otlusy Hytaýyň gündogaryndaky Szýansi welaýatyndaky Nançan halkara guryýer portundan Merkezi Aziýa ugrady. Bu barada China daily habar berýär.


27-nji martda Tokioda Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň binasynda işewürlik maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ministrlikleriniň, dolandyryş edaralarynyň, bank düzümleriniň hem-de hususy pudagynyň wekilleri we ýolbaşçylary – türkmen tarapyndan 30, ýapon tarapyndan 100-den gowrak adam gatnaşdy.


Hytaý öz bazarlarynda daşary ýurt maýagoýumlaryny işjeňleşdirmek maksady bilen, “Hytaýa maýagoýum” atly ählumumy çäräni yglan etdi. Bu barada Hytaýyň CGTN halkara teleýaýlymy habar berýär.


Geçen ýylda Hytaýyň üç iri döwlet nebit kompaniýasy “gara altyny” çykarmakda rekord görkezijileri gazandylar.


Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Gresiýa Respublikasynyň Saloniki şäherinde şu ýylyň 11 – 13-nji apreli aralygynda geçiriljek «Freskon» atly miweleriň we gök önümleriň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.


Russiýada “Demirgazyk-Günorta” paýlarlar jemgyýeti döredildi diýip, “Türkmenawtoulaglary” agentligi RF-iň hukuk habarlary resmi portalyna salgylanyp habar berýär.


Hytaýyň ykdysadyýeti 2024-nji ýylda durnukly ösmegini dowam edýär. HHR-iň Döwlet statistika gullugynyň şu ýylyň ýanwar-fewral aýlary üçin makrohasabatlylygy muny subut edýär diýip, Hytaýyň halkara habarlar teleýaýlymy CGTN habar berýär.


Russiýada ýurduň ykdysadyýetine maýa goýmak isleýän daşary ýurtly maýadarlar üçin işewürligi hasaba alyş amallaryny ýeňilleşdirmek teklibine garalýar. Ýakyn Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryndan maýadarlar Russiýada taslamalary amala aşyrmak üçin eýýäm amatly ýagdaýdadyr we 2024-nji ýylda olar üçin goşmaça mümkinçilikler açylyp bilner.


Gazagystanda awtoulagly halkara daşamalara rugsatnama almagyň täze düzgünleri işlenilip taýýarlanyldy, diýip Zakon.kz. internet neşiri habar berýär.


Özbegistanda ýerli brendleri daşary ýurtlarda ilerletmek boýunça kompaniýa dörediler. Bu barada Respublikanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň metbugat gullugy habar berýär.


Türkmen işewürleri 15-nji aprelda Guançžouda (Hytaý) açyljak 135-nji Kanton ýarmarkasyna çagyrylýar.


Hyzmatdaş döwletler «Halal» standartlaryna laýyk gelýän rus önümleriniň eksportyny artdyryp, Russiýanyň sebitlerinde gurluşyk üçin girdejili maýa goýup bilerler. Bu barada «Russiýa – Yslam dünýäsi» strategiki göz ýetiriş toparynyň ýolbaşçysy we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow 5-nji martda Moskwada Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza döwletleriň ilçileri bilen geçirilen duşuşykda aýtdy.


Wenada türkmen-awstriýa Komissiýasynyň egindeş başlyklary iýun aýynda Awstriýanyň paýtagtynda geçiriljek 12-nji mejlisiň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň bitewi ulag strtaegiýasyny döretmäge çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow energetika pudagyny Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi.