Habarlar

Igor Runow: Türkmenistan ulag diplomatiýasynda öňdebaryjy boldyIgor Runow: Türkmenistan ulag diplomatiýasynda öňdebaryjy boldy

Igor Runow: Türkmenistan ulag diplomatiýasynda öňdebaryjy boldy

Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň (ICTD) ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen duşuşyk geçirildi. Myhman blokçeýn (blockchain - iň täze tehnologiýalar) tehnologiýasyna esaslanýan ulaglaryň ähli görnüşleri üçin platforma döretmekde ählumumy taslamalar boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.

“RŽD Logistika” Aşgabadyň medeni-seýilgäh toplumyna granit daşlary getirdi“RŽD Logistika” Aşgabadyň medeni-seýilgäh toplumyna granit daşlary getirdi

“RŽD Logistika” Aşgabadyň medeni-seýilgäh toplumyna granit daşlary getirdi

“RŽD Logistika” paýdarlar jemgyýeti demir ýol ulagynda Russiaýdan Türkmenistana gurluşyk serişdelerini eltip bermek hyzmatyny amala aşyrdy. Aşgabat şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi ýerleşýän medeni-seýilgäh toplumyny we onuň ýanaşyk ýerlerini hem-de şäheriň ýene bir meýdançasyny granit daşlary we bezeg serişdeleri bilen abadanlaşdyrmak boýunça degişli gurluşyk serişdelerini eltip bermek hyzmaty “RŽD Logistika” paýdarlar jemgyýetiniň Sankt-Peterburgdaky şahamçasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu barada “Logistics.ru” neşiri habar berýär.