HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HHR “Hytaýa maýagoýum” atly ählumumy çäräni yglan etdi

Mart 29, 2024 | 09:20 |8188
Hytaý öz bazarlarynda daşary ýurt maýagoýumlaryny işjeňleşdirmek maksady bilen, “Hytaýa maýagoýum” atly ählumumy çäräni yglan etdi. Bu barada Hytaýyň CGTN halkara teleýaýlymy habar berýär.Hytaý öz bazarlarynda daşary ýurt maýagoýumlaryny işjeňleşdirmek maksady bilen, “Hytaýa maýagoýum” atly ählumumy çäräni yglan etdi. Bu barada Hytaýyň CGTN halkara teleýaýlymy habar berýär.
Çeşme: russian.cgtn.com

Hytaý öz bazarlarynda daşary ýurt maýagoýumlaryny işjeňleşdirmek maksady bilen, “Hytaýa maýagoýum” atly ählumumy çäräni yglan etdi. Bu barada Hytaýyň CGTN halkara teleýaýlymy habar berýär.

Çärä HHR-niň Başlygynyň orunbasary Han Çžen badalga berdi.

“Biz tutuş dünýäden işewürleri Hytaýa maýa goýmaga, ýurdumyzda ösmäge çagyrýarys. Hytaýa maýagoýum geljege maýagoýumdyr.” diýip, ol 17 ýurtdan 140 telekeçiniň öňünde çykyş edende aýtdy.

“Hytaýa maýagoýum” şygar bilen çäreler geçen ýyldan bäri geçirilip gelýär. Şolaryň biri noýabr aýynda Şanhaýda geçen import harytlaryň we hyzmatlaryň sergisiniň çäklerinde guraldy.

HHR-niň Döwlet geňeşiniň Premýeri Li Sýan ýanwar aýynda Dawosda geçen Bütindünýä ykdysady forumynda Hytaýyň maýagoýum mümkinçilikleri barada giňişleýin durup geçdi.

19-njy martda HHR-niň Döwlet geňeşi daşary ýurt maýagoýumlaryny çekmek we özleşdirmek üçin “Ýol kartasyny” çap etdi. Resminama daşary ýurt maýagoýumlarynyň bank we ätiýaçlandyryş ulgamyna elýeterliliginiň giňeňdilmegini, tebigaty goramak işine we ýokary tehnologiýaly önümçilige gönükdirilýän daşary ýurt maýagoýumalyrynyň goldanylmagyny göz öňünde tutýar. Şeýle hem kompaniýalar önümçilik üçin enjamlaryň importynda gümrük paçlaryndan boşadylarlar.

“Hytaýa maýagoýum” çäresiniň çäklerinde HHR-niň dünýä ýurtlaryndaky diplomatik wekilhanalary Hytaýdaky maýagoýum gurşawy we mümkinçilikleri barada tanyşdyrylyşlary yzygiderli geçirerler. Telekeçiler üçin Hytaýyň sebitlerine ýörüte syýahatlar guralar. Olaryň ilkinjisi 1-nji aprelde Çunsin şäherine guralar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026