HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýada YHG-niň ýurtlary bilen işewürligiň alnyp barylmagy ýeňilleşdiriler

Mart 20, 2024 | 11:44 |5520
Russiýada ýurduň ykdysadyýetine maýa goýmak isleýän daşary ýurtly maýadarlar üçin işewürligi hasaba alyş amallaryny ýeňilleşdirmek teklibine garalýar. Ýakyn Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryndan maýadarlar Russiýada taslamalary amala aşyrmak üçin eýýäm amatly ýagdaýdadyr we 2024-nji ýylda olar üçin goşmaça mümkinçilikler açylyp bilner.Russiýada ýurduň ykdysadyýetine maýa goýmak isleýän daşary ýurtly maýadarlar üçin işewürligi hasaba alyş amallaryny ýeňilleşdirmek teklibine garalýar. Ýakyn Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryndan maýadarlar Russiýada taslamalary amala aşyrmak üçin eýýäm amatly ýagdaýdadyr we 2024-nji ýylda olar üçin goşmaça mümkinçilikler açylyp bilner.
Çeşme: Canva

Russiýada ýurduň ykdysadyýetine maýa goýmak isleýän daşary ýurtly maýadarlar üçin işewürligi hasaba alyş amallaryny ýeňilleşdirmek teklibine garalýar. Ýakyn Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryndan maýadarlar Russiýada taslamalary amala aşyrmak üçin eýýäm amatly ýagdaýdadyr we 2024-nji ýylda olar üçin goşmaça mümkinçilikler açylyp bilner.

Dekabr aýynda Saud Arabystanyndan maýa goýujylar bilen Russiýanyň göni maýa goýumlar gaznasynyň arasynda geljek iki ýylda rus taslamalaryna 1 trillion rubla çenli möçberde maýa goýulmagyna getirip biljek hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada maglumatlar peýda boldy. Bu soňky sekiz ýylda ozal goýlan 1 trillion rublyň üstüni ýetirer hem-de maýa goýumlary alyjy kompaniýalaryň girdejileriniň has-da artmagyna goşant goşar.

Birleşen Arap Emirliklerinden Russiýa yslam maýa goýumlarynyň esasy pudaklary: lomaý söwda we distribusiýa, oba hojalygy, ulag we logistika, azyk önümçiligi, gurluşyk hyzmatlary we beýleki önümçilik, şeýle hem halal syýahatçylyk, bu hyzmat eýýäm Russiýanyň Kawkazynda we Powolžýede myhmanlara hödürlenýär.

Russiýanyň «yslam bank ulgamy» netijesinde, 2024-nji ýylda Dagystanyň, Başgyrdystanyň, Tatarystanyň we Çeçen Respublikasynyň çäklerinde Ýakyn Gündogar hem-de Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryndan maýadarlar üçin täze mümkinçilikleriň döremegine garaşylýar. Hususan-da, yslam maliýe ulgamy Eýran Yslam Respublikasy bilen özara gatnaşyklaryň möhüm ugruna öwrülýär. Şu ýyl Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde Eýranyň söwda merkeziniň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Ol Powolžýede eýran öndürijileriniň önümleri hödürlenýän esasy merkez bolup biler. Ýakyn Gündogardan hyzmatdaşlar nebit öndürmek we gaýtadan işlemek, Respublikada öndürilen uçarlary we dikuçarlary satyn almak taslamalaryna-da gyzyklanma bildirýärler.

«Demirgazyk – Günorta» halkara ulag-logistika geçelgesi hem söwda üçin uly mümkinçilikleri açýar, bu taslama eýýäm 14 ýurt goşuldy. Şeýle hem Russiýanyň, Gazagystanyň we Eýranyň arasynda Hindi ummanynyň kenarýakasyndaky halkara liniýalara elýeterli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmak taslamasy bilermenleriň ara alyp maslahatlaşmak tapgyrynda dowam edýär.

Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylyň 14 – 19-njy maýynda Kazanda geçiriljek «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly XV Halkara ykdysady forumynda yslam işewürliginiň girdejili maýa goýumlary we russiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki taslamalar baradaky täze şertnamalara garalar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026